Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti 19-njy martda wezipesine girişer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti 19-njy martda wezipesine girişer
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli dabaraly çäreden soň, Kabul ediş merkezinde dabaralaryň dowam eder.

Şu ýylyň 19-njy martynda “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli dabaraly çäre geçiriler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly bilelikdäki mejlisiniň dowamynda mälim etdi.

Döwlet Baştutanymyz şu çäreden soň, Kabul ediş merkezinde dabaralaryň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işlerine we beýleki birnäçe meselelere garaldy.

Mejlisiň dowamynda Milli Liderimiz ýurdumyza gelen halkara synçylaryň, uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň hem-de saýlaw çäresine gatnaşýan beýleki degişli adamlaryň gyssagly COVID-19 barlagyndan geçirilişine gözegçilik edilmelidir diýip, hökümet resmilerine degişli tabşyryklary berdi.

Saýlawlar başlamazdan öň saýlaw uçastoklarynda arassaçylyk kadalaryna degişli işler geçirilmelidir we bu ýerlerde ähli ätiýaçlyk çäreleriniň berk berjaý edilişi barlanmalydyr diýip, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda arassaçylyk-epidemiologik talaplaryň doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar Prezident saýlawlary möwsümi başlany bäri iň ýokary döwlet wezipesine 9 sany dalaşgäri bellige aldy.

2022