Özbegistan Türkmenistan, Gruziýa we Azerbaýjan bilen üstaşyr ýükler üçin tarifleri peseltmek barada ylalaşdy. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýum we daşary söwda ministriniň birinji orunbasary Aziz Woitowa salgylanyp, “Podrobno.uz” agentligi penşenbe güni habar berdi.
“Biz ýakynda hyzmatdaş ýurtlar bilen, hususan-da Azerbaýjan we Gruziýa bilen ylalaşyklary gazandyk. Häzirki wagtda bu ýurtlaryň portlaryndan ýükleri getirmegiň nyrhlary 30% peseldildi. Mundan başga-da, biz Hazar deňzinde hem çykdajylary peseltmegi ylalaşdyk” diýip, Woitow belledi.
“Şeýle hem, Türkmenbaşy we Baku portlary bilen ulag çykdajylaryny 50% peseltmek boýunça ylalaşyga gelindi” diýip, Woitow sözüniň üstüni doldurdy.
Geçen hepde Daşkent şäherinde Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň demirýol ulag edaralarynyň ýolbaşçylary iki günlük duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň barşynda "Aziýa-Ýuwaş Umman ýurtlary – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa" halkara multimodal ugry boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.