Transhazar interkonnektorynyň esasy böleginiň gurluşygyna $400 mln. zerur bolar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Transhazar interkonnektorynyň esasy böleginiň gurluşygyna $400 mln. zerur bolar
Taslama Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňzinde bar bolan infrastrukturasynyň binýadynda durmuşa geçirilip bilner.

Transhazar interkonnektor taslamasanyň esasy böleginiň gurluşygy üçin deslapky hasaplamalar boýunça dört aý hem-de 400 million amerikan dollar möçberinde maýa goýum zerur bolar. Bu barada “Trans Caspian Resources” kompaniýasynyň konsultatiw komitetiniň direktory Natali Kostellonyň sişenbe güni “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) halkara maýa goýum forumynda eden çykyşyna salgylanyp, “Interfaks-Azerbaýjan” agentligi habar berdi.

Natali Kostellonyň belleýşi ýaly, taslama Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňzinde bar bolan infrastrukturasynyň binýadynda durmuşa geçirilip bilner.

“Trans Caspian Resources” kompaniýasy geçen ýyl Türkmenistan bilen Azerbaýjany birleşdirýän we kuwwatlylygy Transhazar gazgeçirijisi bilen deňeşdirilende beýik bolmadyk Transhazar interkonnektor taslamasyny aýan etdi. Şol wagt taslamanyň doly göwrüminiň çykdajysy 500-800 mln. amerikan dollary möçberinde, onuň durmuşa geçirilmeginiň möhleti bolsa 24 aý bolar diylip çaklanyldy.

Forumyň barşynda Kostello bu interkonnektoryň Türkmenistandan Azerbaýjana, soňra bolsa Kawkaza, Türkiýä we beýleki “mawy ýangyja” isleg bildirýän ýurtlara tebigy gazy ugratmaga mümkinçilik berer diýdi.

Onuň aýtmagyna görä, interkonnektoryň gaz geçirijilik ukyby ýylda 10-12 mlrd. kub metre barabar bolar. Taslamanyň aýratynlyklaryna üns çekip, Kostello bu taslamanyň Türkmenistana goşmaça ugur arkaly tebigy gazyny eksport etmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

“Energetika bazarynyň häzirki ýagdaýy ençeme ýurtlary energetika howpsuzlyk meselelerine täzeden seretmäge mejbur edýär” diýip, Kostello forumda nygtady.

Kostellonyň sözlerine görä, Ýewropa Bileleşigi tebigy gazyň import ugurlaryny giňeltmegi maksat edinýär we bu ugurda işjeň hereket edip başlady. Şol sebäpli, belli bir derejede möçberi uly bolmadyk maýa goýumlar arkaly gaz bazarynda üpjünçiligi giňeltmek üçin bar bolan infrastrukturany ulanmagyň hasabyna artykmaçlyklaryň gazanylmagy wajyp meseleleriň biri bolup durýar.

Çaklamalara görä, Türkmenistanyň tebigy gazynyň umumy gorlary 50 trln. kub metre barabar bolup, diňe Galkynyş gaz käniniň gorlary 27 trln. kub metre deňdir.

Häzirki wagtda türkmen tebigy gazynyň esasy import edijileri Hytaý we Russiýadyr. Mundan başga-da, Türkmenistan-Owganistan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar.

2022