Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleri üçin 300 maşgala niýetlenen, ýokary amatlylygy bolan dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 5-siniň gurluşygy meýilleşdirilýär.
Bu barada penşenbe güni Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri seljerilip, “Ynamly hyzmatdaşlar” hojalyk jemgyýetiniň teklibi seçilip alyndy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmagyň, ilatyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmagyň milli maksatnamalaryň hem-de bu ugurda amala aşyrylýan strategiýanyň baş maksadydygyny aýtdy we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işleri babatynda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.