Yzygiderli ösýän pudak: derman senagaty

Nurmyrat Mommaýew
Yzygiderli ösýän pudak: derman senagaty
Bu pudakdaky kompaniýalar kesellere garşy has täsirli dermanlary öndürmek üçin gözleg we barlag işlerine uly maýa goýumlary goýýarlar.

Derman senagaty önümçiliginiň göwrümi we söwda kuwwaty taýdan ykdysadyýetiň iň möhüm pudaklarynyň biridir. Adamzadyň ömrüne we saglygyna gönüden-göni täsir edýän pudak bolmagy, onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Başgaça aýdylanda, dünýä ykdysadyýetinde milliardlarça ABŞ dollaryna barabar gymmaty bolan derman senagaty, dünýä ilatynyň durnuklylygynyň üpjün edilmeginde uly orny eýeleýär. Bio-farmasewtika pudagynyň dünýäniň umumy ykdysadyýetine goşýan goşandy 1 trillion 838 milliard  ABŞ dollaryna barabar bolup, dünýäde 5,5 million adamy iş bilen üpjün edýär.

Derman önümleriniň beýleki ykdysady önümlerden tapawudy onuň ornuny başga zat bilen dolduryp bolmaýanlygydyr. Has takygy, zerur bolan dermandan başga önümi şol dermanyň deregine ulanyp bolmaýar. Şonuň üçin hem dermanlar, bahasyna garamazdan adamlaryň ulanmakdan ýüz döndürip bilmejek serişdeleridir. Dermanyň bu aýratynlygy, derman senagatynyň häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň iň möhüm pudagydygyny we onuň jemgyýetçilikde ýüze çykýan ähli ýagdaýlarda hem bu ähmiýetini saklajakdygyny görkezmek üçin ýeterlikdir.

Ilat sanynyň köpelmegi bilen bir hatarda global howanyň üýtgemegi we sanlylaşdyrma ýaly üýtgeşmeler hem derman senagatyna täsir edip biler. Ilatyň köpelmegi we iýmitlenmek bilen baglanşykly endikler hroniki keseller üçin dermanlara bolan islegi ýokarlandyrsa-da, esasanam ösüp gelýän ýurtlarda howanyň üýtgemegi bilen bagly döreýän ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjym işleriniň geçirilmegi zerur bolup durýar. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bolsa bio-farmasewtika pudagyndaky kompaniýalaryň bäsdeşlik ukyplaryny ýokarlandyrýar.

Bu pudakdaky kompaniýalar kesellere garşy has täsirli dermanlary öndürmek üçin gözleg we barlag işlerine uly maýa goýumlary goýýarlar. IPFMA-nyň Fact and Figures Report 2021 hasabatynda bellenilşi ýaly, bio-farmasewtika pudagynyň ýyllyk gözleg-barlag çykdajylarynyň goranmak senagatyndan 7,3 esse, programma üpjünçiligi we kompýuter pudagyndan bolsa 1,5 esse köpdügi çaklanylýar. Maýa goýumlary goýlandan soň, täze dermanlaryň asyl nusgalary üçin patentler alynýar. Bio-farmasewtika kompaniýalarynyň bäsdeşlik ukyby, dermanlaryň asyl nusgalary hem-de bu dermanlar üçin alnan patentler bilen kesgitlenýär.

Derman bazarynda dermanlaryň asyl nusgalary bilen bilelikde jenerik (ekwiwalent) derman serişdeleri hem öndürilýär. Jenerik derman serişdeleri asyl dermanlaryň gorag möhletleri gutarandan soň öndürilýän we satuwa çykarylýan önümlerdir. Bu serişdeler dermanlaryň asyl nusgalary ýaly farmakologiki täsirlere eýe bolmalydyr. Jenerik derman serişdeleri dünýädäki derman bazarynyň möhüm bölegini, ýagny dörtden bir bölegini emele getirip, ösüp gelýän ýurtlarda has köp öndürilýär we satuwa çykarylýar. Dermanlaryň asyl nusgalaryny öndürýän kompaniýalaryň geçiren gözleg-barlag işleri netijesinde, jenerik derman serişdeleriniň önümçiligi dürli düzgünler bilen kesgitlenildi.

Netijede, derman senagaty adam saglygyna gönükdirilen we şonuň üçin hemişe maýa goýumlary özüne çekýän hem-de dünýäde yzygiderli ösýän pudakdyr. Howanyň üýtgemegi ýaly global derejede ýüze çykýan wakalar bu pudaga goýulýan maýa goýumlaryna gönüden-göni öz täsirini ýetirýär. 2019-njy ýylyň ahyrynda dünýäde emele gelen COVID-19 pandemiýasy, 2019-njy we 2020-nji ýyllarda kompaniýalaryň birleşmek we satyn almak amallaryna-da täsir etdi. Geljekde derman senagatynyň ösmegine hem-de gözleg-barlag işlerine goýulýan maýa goýumlarynyň has ýokarlanmagyna garaşylýar.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022