Türkmenistanа PZR testleriniň täze tapgyry gowşuryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanа PZR testleriniň täze tapgyry gowşuryldy
Tapgyr jemi 193 müň testden ybarat bolup, onuň bahasy 998 müňden gowrak ýewro barabardyr.

BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) tarapyndan çarşenbe güni Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine COVID-19 ýokanjy anyklamak üçin Polimeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PRZ) testleriniň nobatdaky tapgyry gowşuryldy.

Guramanyň ýaýradan metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, bu tapgyr Bütindünýa banky tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek” taslamasynyň çäklerinde gowşuryldy. Tapgyr jemi 193 müň testden ybarat bolup, onuň bahasy 998 müňden gowrak ýewro barabardyr.

Bu taslamanyň umumy bahasy 20 million ABŞ dollaryna barabar bolup, ol BMGÖM we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýurtdaky wekilhanasy bilen bilelikde amala aşyrylýar. Taslamanyň wezipesi COVID-19 pandemiýasyna taýýarlylygy güýçlendirmäge we oňa jogap bermäge ýardam bermekden ybaratdyr.

Taslamanyň maksatlary testleri geçirmek we bejergi bermek ugrunda milli mümkinçilikleri pugtalandyrmakdan, lukmançylyk işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, reagentleri, derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlary satyn almakdan, şeýle hem pandemiýa bilen baglanyşykly durmuş taýdan we saglyga bolan töwekgelçilikleri aradan aýyrmakdan ybarat bolup durýar. Mundan başga-da, taslama ýokanç kesellere gözegçilik etmek üçin sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagyny goldaýar.

2022