Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 56%-e golaý artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 56%-e golaý artdy
Poti porty, Gruziýa

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda dolanşygy şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 29 million ABŞ dollaryna barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ($18,6 million) 55,9% artdy. Bu barada Gruziýanyň Milli statistika müdirligine salgylanyp, “Trend” agentligi anna güni habar berdi.

Türkmenistanyň Gruziýa eksporty hasabat döwründe 28,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ($17 million) 66,5% ýokarlandy. Gruziýanyň Türkmenistana eksporty bolsa geçen ýylyň ýanwar-fewral aýlary bilen deňeşdirilende 1,6 million ABŞ dollaryndan 828 müň 970 ABŞ dollaryna çenli ýa-da 50,3% peseldi.

Şeýlelikde, Türkmenistan ýanwar-fewral aýlarynda Gruziýanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň hataryna girdi. Gruziýanyň iň iri üç hyzmatdaşy bolsa Türkiýe ($354,2 million), Russiýa ($274,6 million) we Azerbaýjan ($248,8 million) boldy.

Gruziýanyň daşary söwda dolanşygy şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 2,5 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri ($1,6 milliard) bilen deňeşdirilende 49,2% köpeldi.

2022