Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe kanunlara gol çekdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe kanunlara gol çekdi
Bu kanunlar ýakyn wagtda resmi metbugatda dolulygyna çap ediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakynda Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan kabul edilen we Halk Maslahaty tarapyndan tassyklanan täze kanunlara gol çekdi.

“Watan” habarlar gullugynyň ýekşenbe güni habar berşi ýaly, “Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de ony rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda” “Türkmen-gazagystan döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we Hazar deňzindäki balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda”, “Türkmen-gazagystan döwlet serhediniň düzgüni hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryna gol çekildi.

Mundan başga-da, “Halkara Yslam söwda we maliýe korporasiýasyny döretmek baradaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “Halkara Zähmet Guramasynyň Tertipnamasyna düzedişleri girizmek hakyndaky namany tassyklamak hakynda”, “Medeni gymmatlyklary bikanun getirmegi, äkitmegi we eýeçilik hukugyny bermegi duýdurmaga we gadagan etmäge gönükdirilen çäreler hakyndaky Konwensiýany tassyklamak hakynda”, “Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti kagyzsyz söwdany ýeňilleşdirmek hakyndaky çarçuwaly Ylalaşyga goşulmak hakynda”, “Daşary ýurt arbitražynyň çözgüdini ykrar etmek we ýerine ýetirmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda”, “Birleşen Milletler Guramasynyň Harytlary halkara satyn almak-satmak boýunça şertnamalar hakyndaky Konwensiýasyna goşulmak hakynda”, “Feldýeger aragatnaşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, şeýle hem “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň kanunlary tassyklandy.

Bu kanunlar ýakyn wagtda resmi metbugatda dolulygyna çap ediler.

2022