TurkmenExporters.com.tm: telekeçiler üçin eksport platformasy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TurkmenExporters.com.tm: telekeçiler üçin eksport platformasy
Portal “Made in Turkmenistan” önümlerini dünýä bazaryna çykarmak isleýän telekeçiler üçin oňaýly mümkünçilikler hödürlenýär.

Häzirki zaman telekeçilik işinde netijeliligiň esasy görkezijileriň biri hem eksport görkezijisidir. Harytlary ýa-da hyzmatlary beýleki ýurtlara satmagy aňladýan eksport düşünjesi Türkmenistan döwletimiziň daşary ykdysady, işewür gatnaşyklarynda ýörgünli düşünjeleriň birine öwrüldi. 

Türkmen hususy önüm öndürijileri önümlerini daşary ýurt bazarlaryna hödürlemek, daşary ýurtly alyjylaryň Türkmenistandan gözleýän harytlaryny aňsat tapmagyny ýola goýmak üçin alyp barýan işleri barada TurkmenExporters.com.tm portalynyň hünärmenleri “Biznes Türkmenistan” internet neşirine maglumatlary berdiler. 

B2B platforma barada

B2B (Business to Business) adalgasy köpimize tanyş bolsa gerek. Alibaba.com, Made-in-China.com, Indiamart.com, Azexport.az we Turkishexporter.com.tr ýaly marketpleýsler, ýagny işewürligi alyp barmak üçin portaly hödürleýän platformalar häzirki wagtda dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýärler. 

TurkmenExporters.com.tm portaly türkmen telekeçilerine näme peýda getirip biler?

“Türkmen Eksport, Import & Söwda Hyzmatlary” hususy kärhanasy tarapyndan döredilen TurkmenExporters.com.tm web portaly türkmen telekeçileriniň önümlerini daşary ýurtly alyjylara hödürlemek üçin niýetlenen portaldyr. Bu ýerde “Made in Turkmenistan” önümlerini dünýä bazaryna çykarmak isleýän telekeçiler üçin oňaýly mümkünçilikler hödürlenýär.

Öz harydy üçin alyjyny nireden gözlemeli? Öz harytlaryny ýa-da hyzmatlaryny daşary ýurtly alyjylar aňsatlyk bilen tapar ýaly näme etmeli?

Şertnama baglaşmak arkaly önümlerini TurkmenExporters.com.tm portalynda ýerleşdiren telekeçiler daşary ýurtly alyjylar tarapyndan Türkmenistanyň eksport ugurly harytlary Google-den gözleg edilende ilkinji hatarlarda bu portalyň çykýandygyny bilmeli. Daşary ýurtly potensial alyjy Türkmenistandaky hususy telekeçileriň hödürleýän hyzmatlaryny we önümlerini bir platformada gözden geçirip bilýär.

Portalyň esasy aýratynlyklary?

  • GOOGLE gözleg ulgamynda ilkinji bolup çykýar;
  • Portal 4 dilde — iňlis, türkmen, türk, rus dillerinde hereket edýär;
  • Azyk önümleri, hojalyk harytlary, dokma önümleri, gurluşyk materiallary, ulag-logistika, hukuk-maslahat beriş, syýahatçylyk hyzmatlary ýaly birnäçe pudaklaryň giň toplumy bir ýerde jemlenendir;
  • Wagt we serişde tygşytlanýar. Telekeçiler kärhanalary üçin aýratyn web saýt açmak, olary yzygiderli täzeläp durmak üçin serişde sarp etmeli bolýar. Galyberse-de, daşary ýurtly alyjy üçin saýtlaryň ýüzlerçesine girip, özüne gerek bolan harydy gözlemek aňsat düşmez. Oňa derek ähli kärhanalaryň saýtyny bir platformada jemlemeklik iki tarap üçin hem netijeli bolup biler.

TurkmenExporters.com.tm ýörite şertnama esasynda hususy telekeçi bilen ylalaşylyp, barlanylyp alnan maglumatlary portala ýerleşdirýär. Netijede daşary ýurtly alyjy özüne gerek harydy sargyt edip, degişli talapnamany gönüden-göni kärhananyň satyş menejerine ugradýar. Portalda kärhananyň satyş menejeriniň maglumatlary (ady, telefon belgileri, kärhananyň salgysy, elektron salgysy) hem görkezilýär.

Eger-de käbir sebäp bilen alyjy kärhananyň wekili bilen habarlaşyp bilmedik ýagdaýynda, onda ol TurkmenExporters.com.tm portalynda gije-gündiz hereket edýän sowal-jogap çatyna ýazyp biler. Bu ýagdaýda portalyň hünärmenleri ýerli kärhana bilen habarlaşyp, olary mümkin bolan alyjy bilen duşurmaga kömek eder.

2016-njy ýylda işlenilip düzülen we 2017-nji ýylyň 01-nji ýanwaryndan ulanyşa girizilen TurkmenExporters.com.tm web portaly türkmen önümlerini we önüm öndürijilerini halkara işewürlik jemgyýetine tanatmakda häzirki wagtda Türkmenistanyň öňdebaryjy eksport söwda platformasy bolup durýar.

Platforma Türkmenistanyň önümleri we önüm öndürijileri barada ýeke-täk maglumat binýadyny döretmegi, harytlary we hyzmatlary gözlemekde hem-de satyn almakda, satyjy we alyjynyň arasyndaky işjeň aragatnaşyklary ösdürmäge ýardam bermegi maksat edinýär.

Platforma barada doly maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz.

2022