Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly işewürler bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly işewürler bilen duşuşdy
Öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Türkmenistanyň amala aşyrýan durmuş-ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni ýurdumyza Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gelen işewürler bilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Olaryň hatarynda “Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenko, Ukrainanyň “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk we “Ýugneftegaz” kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskiý bardyr. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn duşuşyklaryň barşynda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň amala aşyrýan, öňdebaryjy dünýä tejribesini hem-de tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen durmuş-ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

“Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenko bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda ulag ulgamyny ösdürmek boýunça bilelikde işlemegiň köpýyllyk tejribesi göz öňünde tutulyp, mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz Ukrainanyň “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygynyň dowamynda Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň konsepsiýasynyň bilelikde ýakyndan işlemegi dowam etmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtap, türkmen tarapynyň bildirýän hemişelik talaplaryna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, şolaryň esasylary gurlanda täzeçil inženerçilik-tehniki çözgütleriň ulanylmagy zerur bolan desgalaryň gurluşygynyň ýerine ýetirilmeli möhletiniň we hiliniň berk berjaý edilmeginden ybaratdyr.

 “Ýugneftegaz” kompaniýasynyň direktory I.Burkinskiý bilen söhbetdeşligiň çäklerinde ýurdumyzda nebitgaz ulgamynda amala aşyrylýan ugurdaş taslamalar we maksatnamalar bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşmalar boldy. 

Şeýle hem, işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen hyzmatdaşlaryna, şol sanda seýsmologiýada öz ähli tejribesini we mümkinçiligini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.

Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ahyrynda işewürler işlerinde berilýän ägirt uly goldaw üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de ýolbaşçylyk edýän iri kompaniýalarynyň jogapkärli tabşyryklary ýokary hili we öz wagtynda ýerine ýetirmek ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalary edip, Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

2022