Türkmenistanyň Baştutany Makrony Fransiýanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Baştutany Makrony Fransiýanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady
Emmanuel Makron saýlawçylaryň sesleriniň 58,54%-ni alyp, Fransiýanyň Prezidenti saýlawlarynda ýeňiş gazandy. (Surat: “REX Features”)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrona Fransiýanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biz Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we olaryň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz hatynda belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Emmanuel Makrona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, täze başlangyçlarynda üstünlik arzuw etdi.

Emmanuel Makron saýlawçylaryň sesleriniň 58,54%-ni alyp, Fransiýanyň Prezidenti saýlawlarynda ýeňiş gazandy. 44 ýaşly Makron soňky 20 ýylyň dowamynda Prezident wezipesine gaýtadan saýlanan ilkinji Prezidentdir. Ol 2017-nji ýylda Fransiýanyň Prezidenti wezipesine ilkinji gezek saýlanypdy.

Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň mart aýynda ýola goýuldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022