Türkmenistan bilen Tatarystanyň söwda-senagat edaralary strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Tatarystanyň söwda-senagat edaralary strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
Taraplar netijeli bilelikdäki işler üçin zerur materiallary alyşmak barada ylalaşdylar.

Tatarystanyň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri penşenbe güni “Strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek” atly sanly ulgam arkaly maslahat geçirdiler. Bu barada Tatarystanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) metbugat gullugy habar berdi.

Onlaýn maslahata TSSE birleşmesiniň başlygy Şamil Ageýew, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow, TSSE birleşmesiniň başlygynyň orunbasary Dmitriý Şewelew we Tatarystanyň Oba hojalyk we iýmit ministriniň orunbasary Nail Zalakow gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow eksport gatnaşyklaryny ösdürmegiň zerurdygyny nygtady we häzirki wagtda eksporta gönükdirilen kärhanalar bilen baglanyşykly ýüze çykýan meselelerde ýardam bermäge türkmen tarapynyň taýýardygyny aýtdy.

Türkmen tarapy maslahata gatnaşyjylary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ýurdumyzyň dokma senagaty we “Türkmenlogistika” logistika kompaniýasynyň işi bilen tanyşdyrdy.

Şeýle-de onlaýn maslahata Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Atadurdy Baýramow, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň Kazandaky Türkmen Söwda öýiniň wekili Begendik Artykow, Tatarystan palatasynyň Türkmenistandaky wekili Nepes Nepesow, telekeçiler, eksportçylar we iki ýurduň habar beriş serişdeleri gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, ýygnakda Dmitriý Şewelew Tatarystan Respublikasynyň sosial we ykdysady taýdan ösen sebitleri barada maglumat berdi. Şeýle-de “ИРЭН tikin ussahanasynyň” direktory, Tatarystanyň Dokma we ýeňil senagat telekeçileri birleşmesiniň geňeşiniň başlygy Irina Kuprýahina önümçilik üçin zerur bolan matalary saýlamakda türkmen tarapynyň ýardam  bermegini teklip etdi.

Tatarystanyň Oba hojalyk we iýmit ministriniň orunbasary Nail Zalakow ministrligiň uzak wagt bäri Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy we türkmen tarapyny AGROVOLGA 2022 halkara oba hojalyk sergisine gatnaşmaga çagyrdy.

Çäräniň ahyrynda taraplar bilelikdäki netijeli işler üçin zerur materiallary alyşmak barada ylalaşdylar we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Rejepow Tatarystanyň Söwda-senagat edarasynyň wekillerini we işewür toparlaryny Türkmenistana sapar etmäge çagyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022