UNIDO Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
UNIDO Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär
UNIDO-nyň esasy maksady senagat ösüşine ýardam bermekden we çaltlaşdyrmakdan ybaratdyr.

BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) ýurduň mundan beýläkki ösüşi üçin bilim we tejribe alyşmak arkaly Türkmenistanyň hökümeti bilen tehniki hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär. Bu barada UNIDO-nyň wagyz-nesihat we metbugat gatnaşyklary boýunça hünärmeni Rawindra Wikremasinghä salgylanyp, “Trend” agentligi ýekşenbe güni habar berdi.

Wikremasinghäniň aýtmagyna görä, UNIDO Türkmenistana ýurduň senagat ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmek üçin halkara platformalara we giň ulgamlara bolan elýeterliligi üpjün etmekde ýardam bermek isleýär.

“UNIDO ýokary hilli infrastrukturany, tehnologiýa seýilgählerini ösdürmek, senagat pudagyny döwrebaplaşdyrmak, maýa goýumlaryny we tehnologiýalary ösdürmek ugurlary boýunça Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýär” diýip, bilermen aýtdy.

UNIDO global krizisiň meýilleşdirilýän taslamalaryň durmuşa geçirilmegini haýalladyp biljekdigine ynanýar. Muňa garamazdan, yzygiderli ykdysady ösüşi, şeýle hem ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak ugrundaky tagallalarynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär.

BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) BMG ulgamynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolup, onuň esasy maksady senagat ösüşine ýardam bermekden we çaltlaşdyrmakdan ybaratdyr.

2022