Türkmenistanyň bäş welaýatynda täze metjitler hem-de olaryň ýanynda sadaka bermek üçin niýetlenen jaýlar gurlar. Welaýat häkimleriniň bu baradaky teklipleri sişenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan makullandy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, maslahatyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri ilatyň haýyşyny nazara alyp, metjitleri gurmak islegleri bilen Döwlet Baştutanymyza ýüzlendiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ugurda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Bellenilişi ýaly, metjitler Ahal welaýatynyň Änew şäherinde, Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda we Mary welaýatynyň Şatlyk şäherinde gurlar.
Iş maslahatynyň dowamynda welaýatlarda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy.