Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ilkinji dört aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 42,5% artdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Muhammetguly Muhammedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda aýtdy.
Wise-premýer M.Muhammedow şeýle ösüşiň özara bähbitli, giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesidigini belledi.
2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň makroykdysady görkezijileri baradaky hasabata laýyklykda, öndürilen önümleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne görä 11,2% artdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda bölek-satuw dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,5% artdy.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 6,2 milliard manada deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň ilkinji dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň ýurdumyzyň bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegine dowam edýändigini görkezýändigini belledi. Jemi içerki önümiň ösüşi ýylyň başyndan bäri 6,2% derejede durnukly saklanyp gelinýär.
Mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesine garaldy.