SNGIZ 162,8 müň tonna nebiti gaýtadan işledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
SNGIZ 162,8 müň tonna nebiti gaýtadan işledi
Gaýtadan işlenilmegiň netijesinde, zawod 155,9 tonna taýýar önüm aldy.

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody (SNGIZ) şu ýylyň ilkinji dört aýynda 162,8 müň tonna golaý nebiti gaýtadan işledi.

Gaýtadan işlenilmegiň netijesinde, zawod 155,9 tonna taýýar önüm aldy. Öndürilen önümleriň esasyny benzin düzüp, onuň 83,5 müň tonnasy öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwründe bu önümiň 76,4 müň tonnasy çykarylypdy. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti penşenbe güni habar berdi.

Degişli döwürde 43,5 müň tonna dizel ýangyjyny çykaran SNGIZ ýol bitumynyň we wakum gazoýlynyň önümçiliginde hem ýokary dereje görkezdi.

Bellenilişi ýaly, bilermenler bu üstünlikleri täze önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak we olary işe girizmek bilen baglanyşdyrýarlar.

Geçen ýyl SNGIZ 220,83 müň tonna benzin, 135 müň tonnadan gowrak dizel ýangyjyny, 22,5 müň tonna mazudy, 35 müň tonna golaý ýol bitumyny, şeýle-de başga nebit önümlerini öndürdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022