Ykdysady ösüşde oba hojalygynyň ähmiýeti

BiZNES TÜRKMENISTAN
Ykdysady ösüşde oba hojalygynyň ähmiýeti
Azyk howpsuzlygy halkara gün tertibiniň iň esasy meseleleriň biridir.

ABŞ, Russiýa ýaly dünýäniň ösen ýurtlary şol bir wagtyň özünde iri oba hojalyk öndürijileri bolup durýar. Dünýä ykdysadyýetinde möhüm orun tutýan bu ýurtlar oba hojalygynyň bazarlarynda-da düzgünleşdiriji orun eýeleýärler.

Azyk howpsuzlygy halkara gün tertibiniň iň esasy meseleleriň biridir. Şonuň üçin hem oba hojalygynda öz-özüňi üpjün etmek döwletleriň alyp barýan ykdysady strategiýalarynyň ileri tutulyan ugurlarynyň hataryna girýär. Türkmenistanyň ýerli derejede öndürilip bilinjek önümleriň importyny azaltmak boýunça çäreleri güýçlendirmek üçin ýakynda öňe süren syýasaty munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan ýurtda oba hojalygy mehanizasiýalaşdyrmak arkaly oba hojalygy ösdürmegi we öndürijiligi ýokarlandyrmagy maksat edinilýär. Daýhanlaryň sap girdejilerini artdyrmak üçin dürli tehniki goldawlary bermek, netijeliligi ýokarlandyrmak üçin ähli çeşmeleriň ulanylmagyny üpjün etmek we häzirki zaman talaplaryna laýyklykda täzelikleri hem-de mümkinçilikleri ulanmak maksat edinilýär.

Oba hojalygynda öz-özüňe ýeterlik bolmak we daşary ýurtlardan eksport edilýän azyk önümlerini ýerli derejede öndürmek Milli ösüş üçin möhümdir. Islendik önüm daşary ýurtdan getirilende onuň tölegi daşary ýurt walýutasy arkaly amala aşyrylýar, bu bolsa döwletleriň walýuta rezerwleriniň azalmagyny aňladýar.

Bu ýagdaýa bugdaý barada mysal bersek, has aýdyň düşünip bolar. Bugdaý dünýäde iň köp öndürilýän oba hojalyk önümidir. Häzirki wagtda dünýä bazarlarynda bir tonna bugdaýyň bahasy 400 ABŞ dollaryndan hem geçdi. Türkmenistanyň daýhanlary 2022-nji ýylda bugdaý meýdanlaryndan jemi 1 million 400 müň tonna bugdaý ýygnamagy meýilleşdirýärler we bu takmynan 560 million ABŞ dollary möçberinde önümçiligi aňladýar. Beýleki oba hojalyk önümleri bilen bir hatarda bugdaý önümçiligi arkaly daşary ýurtlardan import edilýän azyk önümleriniň möçberini azaltmak we daşary ýurt walýutasyny tygşytlamak mümkindir.

Şeýlelikde,  gysga we orta möhletde ýerli derejede öndürilip bilinjek önümleriň importyny azaltmak boýunça Türkmenistanyň strategiýasy ýurt üçin hem, içerki önüm öndürijiler üçin hem oňyn netijelidir. Türkmenistan topragyň hasyllylygy we önümleriniň hili boýunça beýleki ýurtlar bilen bäsleşip biljek ýurtdyr. Bäsdeşlige ukyplylygyň saklanyp galmagy azyk howpsuzlygy üçin hem möhümdir. Esasanam, döwletleriň COVID-19 döwründe başdan geçirýän kynçylyklary göz öňünde tutulanda, Türkmenistanyň iri oba hojalyk öndürijisi hökmünde çykyş etmek mümkinçiligi has-da ýokarlanyp biler.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022