Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 13 million 576 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE), Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýanyň we BAE-niň telekeçilerine tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi.
Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri umumy bahasy 800 müň manada golaý nah ýüplügi we el halylaryny satyn aldylar. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin 654 million 499 müň manatdan gowrak bolan “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.