YHG-na agza ýurtlaryň arasynda üstaşyr ugrundaky hereketleriň giňeldilmegi bellenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
YHG-na agza ýurtlaryň arasynda üstaşyr ugrundaky hereketleriň giňeldilmegi bellenildi
YHG-nyň we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň taslamalaryny durmuşa geçirmek meselelere seredildi.

Tähranda duşenbe güni Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sekretariatynda “YHG-niň netijeliligini ýokarlandyrmak we tanymallygyny artdyrmak” atly iş duşuşygy öz işine başlady. Mejlis agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde geçirildi. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar agza ýurtlaryň arasynda üstaşyr ugrundaky hereketleriň giňeldilmeginiň, amallaryň birmeňzeş we ylalaşylan bolmagynyň zerurdygyny bellediler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Şeýle hem, YHG-nyň we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, guramanyň taslamalaryny durmuşa geçirmek we olary maliýeleşdirmek üçin utgaşdyryjy usullaryň işlenip düzülmegi boýunça meselelere seredildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy Ýewropanyň, Kawkazyň we Merkezi Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Günorta Aziýanyň ýurtlaryny birleşdirýän gurama bolup, onuň agzalygyna 10 döwlet girýär.

2022