“Serdar” pagta egriji fabriginiň durkunyň täzelenmegi göz öňünde tutulýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Serdar” pagta egriji fabriginiň durkunyň täzelenmegi göz öňünde tutulýar
Häzirki wagtda “Serdar” pagta egirme fabriginde 187 sany işçi-hünärmenler zähmet çekýär.

Daşoguz şäherindäki “Serdar” pagta egriji fabriginiň durkunyň täzelemegi we döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çary Gylyjow Daşoguz welaýatynda penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Dokma senagaty ministrligi tarapyndan halkara bäsleşik geçirildi we bu ugurda teklipler öwrenildi.

Wise-premýeriň hasabatynda aýdylyşy ýaly, fabrigiň durkunyň täzelenip, döwrebap enjamlar bilen täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde, kärhananyň önümçilik kuwwaty artar, öndürilýän önümleriň hili ýokarlanar, eksportuň möçberleri artar, täze iş orunlary dörediler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, teklipleri içgin seljermegiň hem-de olaryň üstünde işlemegiň wajypdygyny aýtdy we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Daşoguz şäherindäki “Serdar” pagta egriji fabrigi Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň düzüminde ilkinji gurlan pagta egriji kärhanalaryň biri bolup durýar.

Häzirki wagtda “Serdar” pagta egirme fabriginde 187 sany işçi-hünärmenler zähmet çekýär. Ýüplükler Russiýa, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Gyrgyzystan ýaly döwletlere eksport edilýär.

2022