“Kerwenler” kompaniýasy kilim we örtgi önümleriniň täze görnüşlerini öndürip başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Kerwenler” kompaniýasy kilim we örtgi önümleriniň täze görnüşlerini öndürip başlady
Önümler ýurduň ähli sebitleriniň söwda nokatlarynda müşderilere hödürlenilýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky senagat zolagynda ýerleşýän “Kerwenler” hususy kärhanasy golaýda dürli ölçegdäki, galyňlykdaky kilim we örtgi önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, “Hazar” göli, teke we ýomut gölleri salnyp dokalan örtgiler we kilimler ekologiýa taýdan arassalygy, göze gelüwliligi bilen tapawutlanýarlar.

Döwrüň soňky talaplaryna laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen kärhananyň ýüň egirme bölüminde goýun ýüňünden ýüň ýüplükler we poliester garyndyly ýüň ýüplükler öndürilýär. Bu ýerde sap ýüňden türkmen halysynyň ýokary hilli ýüplüklerini öndürmek işleri hem alnyp barylýar.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda kärhanada aýda 13 tonna golaý ýüň ýüplük öndürilýär. Dokma bölüminde kilim we örtgi önümleri, ýüňden we ýarym ýüňden ýorganlar taýýarlanylýar. Bu bölümde kilimiň we örtginiň ýylda 156 müň metri öndürilýär. Kärhanada ýüň ýorganyň aýda 10 müň, ýylda 120 müň sanysyny öndürmäge mümkinçilik bar. Önümler ýurduň ähli sebitleriniň söwda nokatlarynda müşderilere hödürlenilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022