TDHÇMB söwdalarynda nah ýüplügi satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB söwdalarynda nah ýüplügi satyldy
Içerki bazar üçin ýerli telekeçi 3,9 million manada barabar bolan 88 müň tonna nah ýüplük satyn aldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçiren söwdalarynda nah ýüplügini satyn almak boýunça üç sany şertnama baglaşyldy.

Gyrgyzystandan we Hindistandan gelen telekeçiler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen 512 müň kilogram dürli görnüşli nah ýüplükleriniň satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 1,5 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB mälim etdi.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçi 3,9 million manada barabar bolan 88 müň tonna nah ýüplük satyn aldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 90 million 922 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

2022