Merkezi Aziýada dekarbonizasiýa boýunça özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýada dekarbonizasiýa boýunça özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekildi
USAID Merkezi Aziýa ýurtlaryň hökümetleri bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine hususyýetçilik ulgamynyň maýa goýumlaryny çekmek ugrunda hyzmatdaşlyk edýär.

Gazagystanyň Almaty şäherinde çarşenbe güni ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) Merkezi Aziýada dekarbonizasiýanyň başlangyçlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýaýradan metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, USAID-iň Aziýa ýurtlary boýunça dolandyryjysynyň kömekçisiniň orunbasary Enjali Kaur Merkezi Aziýada pes uglerodly gelejege ymtylmakda bilelikdäki tagallalary berkitmek üçin ÝTÖB bilen özara düşünişmek Ähtnamasynyň gol çekilmegine hoşaldygyny aýtdy.

USAID Merkezi Aziýa ýurtlaryň hökümetleri bilen hyzmatdaşlyk edip, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine hususy maýa goýumlaryny çekmek ugrunda işleýär. Agentlik energiýanyň ähli ilata elýeterli bolmagy üçin döwrebap tehnologiýalaryň ulanylyşyny giňeltmek ugrunda hem iş alyp barýar.

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) bilen hyzmatdaşlykda maý aýynyň başynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde galyndylary kämil dolandyrmak boýunça okuw-maslahatlaryň we forumlaryň dördüsinden ybarat bolan çäreler tapgyryny tamamlapdy.

2022