TDHÇMB söwdalarynda dizel ýangyjy we benzin satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB söwdalarynda dizel ýangyjy we benzin satyldy
BAE-niň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri 30 müň tonna ECO-93 görnüşli awtoulag benzinini satyn aldylar. (Surat: EPA)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe we çarşenbe güni geçirilen söwdalarynda nebit we tekstil önümlerini satyn almak boýunça 19 sany şertnama baglaşyldy.

BAE-nyň wekili sişenbe güni 10 müň tonna gidroarassalanan EKO-5 görnüşli dizel ýangyjyny (bir tonnasynyň bahasy 1129,25 ABŞ dollary) satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 11 million 200 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Gyrgyzystandan gelen telekeçi umumy bahasy 65,2 müň ABŞ dollaryna deň bolan boýalan tüýjümek önümlerini satyn almak barada şertnama baglaşdy. Bu barada TDHÇMB mälim etdi.

Owganystanly telekeçi 50 müň kilogram ferula atly ösümlikden bölünip çykýan kakadylan şerbet suwy bolan asafetidany satyn aldy. Haryt Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanasy tarapyndan öndürildi. Geleşigiň umumy bahasy 125 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler sişenbe güni 11,1 million manatlyk dürli görnüşli nah ýüplükleri satyn aldylar.

Çarşenbe güni geçirilen söwdalarda BAE-niň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri 30 müň tonna ECO-93 görnüşli awtoulag benzinini (bir tonnasynyň bahasy 979,50 ABŞ dollary) satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 29 million 300 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

BAE-niň wekili umumy bahasy 3 million 300 müň ABŞ dollaryna barabar bolan nebit koksunyň 5 müň tonnasyny (bir tonnasy üçin 677 ABŞ dollary) satyn aldy. Türkiýeli telekeçi jemi bahasy 1 million 200 müň ABŞ dollaryna deň bolan ýakylan nebit koksunyň 1,5 müň tonnasyny (bir tonnasy üçin $828) satyn almaga geleşik baglaşdy. BAE-niň telekeçisi 11 million 500 müň ABŞ dollarlyk gidroarassalanan dizel ýangyjynyň 10 müň tonnasyny (bir tonnasynyň bahasy 1159,50 ABŞ dollary) satyn aldy.

Içerki bazar üçin ýerli işewürler 38,5 million manatlyk pagta lintiniň 27,5 müň tonnasyny hem-de 57,3 million manatlyk inçe süýümli pagtanyň 11 müň tonnasyny satyn aldylar. Şeýle hem, alyjylaryň biri 70,4 million manada elde dokalan halylaryň dürli görnüşlerini satyn aldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 90 million 922 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

2022