Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumy boýunça iş maslahatyny geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumy boýunça iş maslahatyny geçirdi
Wise-premýer A.Ýazmyradow gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak ugrunda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Annageldi Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragynyň depginlerini ýokarlandyrmak, kombaýnlaryň we ýygnalan hasyly daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak ugrunda ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işler barada hasabat berdiler.

Hususan-da, Balkan welaýatynyň häkimi gant şugundyrynyň ekişine taýýarlyk işleri, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimleri şaly ekişiniň depginleri barada Döwlet Baştutanymyza hasabat berdiler.

Serdar Berdimuhamedow häkimleriň hasabatlaryny diňläp, gallaçy daýhanlaryň durmuşynda gyzgalaňly möwsüm bolan galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň, ony ýokary hilli hem-de gysga wagtda tamamlamagyň häzirki döwrüň möhüm talabydygyna ünsi çekip, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda, bökdençsiz geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle-de wise-premýer A.Ýazmyradow häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler, gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak ugrunda amala aşyrylýan hemmetaraplaýyn tagallalar barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň içerki bazarlarynda azyk bolçulygynyň üpjün edilmelidiginiň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp, welaýatlarda ösdürilip ýetişdirilýän ýeralmadan, gök we bakja ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady.

2022