Türkmenistanda agyz-burun örtükleri nirelerde hökman dakynylmaly?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda agyz-burun örtükleri nirelerde hökman dakynylmaly?
Türkmenistanda agyz-burun örtükleri jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinde dakynylmalydyr.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow 6-njy iýunda Türkmenistanda möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça 2020-nji ýylyň 17-nji awgustynda kabul edilen Buýruga üýtgeşme girizdi. Degişli resminamany Adalat ministrligi 13-nji iýunda bellige aldy we resmi saýtynda çap etdi.

Üýtgetme girizilen resminama laýyklykda, Türkmenistanda agyz-burun örtükleri şu ýerlerde dakynylmaly:

  • döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerinde;
  • jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinde;
  • köpçülikleýin ýapyk binalarda.

Resminamada bellenilişi ýaly, mekdebe çenli ýaşly çagalar muňa degişli däldir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022