Türkmenistanda bugdaýyň täze görnüşleri döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda bugdaýyň täze görnüşleri döredildi
Bugdaýyň täze, gylçykly we gylçyksyz görnüşleriniň hasyllylyk derejesi her gektardan 55-60 sentnere barabardyr hem-de olar 200-210 günüň dowamynda ýetişýändir.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Mary welaýatyna amala aşyran toý saparynyň çäklerinde bugdaýyň täze döredilen gylçykly we gylçyksyz görnüşleri bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, bugdaýyň täze görnüşleri bilen Döwlet Baştutanymyzy Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri, alym B.Nowruzow tanyşdyrdy.

Alym merkezde köp ýyllaryň dowamynda degişli ugurlar boýunça ylmy barlaglaryň geçirilýändigini belläp, bugdaýyň dok däneli, kesele durnukly we ýokary hasylly täze görnüşleriniň döredilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bugdaýyň täze, gylçykly we gylçyksyz görnüşleriniň hasyllylyk derejesiniň her gektardan 55-60 sentnere barabardygy hem-de olaryň 200-210 günüň dowamynda ýetişýändigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, alym Nowruzow hormatly Prezidentimize bugdaýyň täze döredilen görnüşlerine at goýmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz bugdaýyň täze görnüşleriniň häzirki döwrüň ruhuny alamatlandyrýan “Berkarar” we “Galkynyş” diýlip atlandyrylsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de alym-agronomlara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Mundan başga-da, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti welaýatyň Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlaryna gidip, ýerli daýhanyň alyp barýan işleri bilen tanyşdy hem-de köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenilen üç müň orunlyk binanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022