Türkmenistan bilen Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn derwaýys meselelere garadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn derwaýys meselelere garadylar
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow arasynda geçirilen duşuşyk, 27.01.2016, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TASS)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki ýurduň ýokary derejeli diplomatlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ozal Russiýa amala aşyran resmi saparynyň netijelerini we Hazarýaka ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň 6-njy sammitine taýýarlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Russiýanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 10-njy iýunda Moskwada geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa resmi saparynyň çäklerinde Jarnamadan daşary türkmen-rus hyzmatdaşlygy boýunça 14 resminama gol çekildi.

Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa sapary şu ýylyň 15-nji martynda Prezident wezipesine başlany bäri ilkinji resmi sapary boldy.

Altynjy Hazar sammiti şu ýyl Türkmenistanda geçiriler.

2022