Aşgabatda TOPH gaz geçirijisini durmuşa geçirmek meselesine garaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda TOPH gaz geçirijisini durmuşa geçirmek meselesine garaldy
Taraplar bilelikde alnyp barylýan işleriň pudaklary hökmünde energetika, senagat, ulag, söwda, bank ulgamyny we beýleki ugurlary bellediler.

Penşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşykda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini durmuşa geçirmek meselesine üns berildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aziýa Ösüş Bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze Direktory Artur Andrisýagyň arasynda geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen AÖB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp malahatlaşyldy.

Şeýle-de taraplar bilelikde alnyp barylýan işleriň pudaklary hökmünde energetika, senagat, ulag, söwda, bank ulgamyny we beýleki ugurlary bellediler.

AÖB-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze bellenen Direktory Artur Andrisýak ýurda iýun aýynyň başynda geldi. Artur Andrisýak ozal AÖB-niň Owganystandaky direktorynyň orunbasary wezipesinde işledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022