Iýun IV hepde: eksport geleşikleri $24 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Iýun IV hepde: eksport geleşikleri $24 milliondan geçdi
Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewürleri daşary ýurt puluna TNGIZT-de öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 24 million 442 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewürleri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilen uçar kerosinini, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen azyklyk duzy satyn aldylar. Şeýle hem, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük ýerlenildi.

BAE-niň, Hindistanyň, Pakistanyň, Gazagystanyň işewürleri bahasy 40 million 522 müň manatdan gowrak bolan lukmançylyk serişdelerini, nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 8 million 587 müň manatdan gowrak gurluşyk serişdelerini satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022