Büzmeýinde 15 sany ýaşaýyş jaýy ulanylyşa berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Büzmeýinde 15 sany ýaşaýyş jaýy ulanylyşa berildi
Her ýaşaýyş jaýy 32 öýden ybaratdyr.

Aşgabadyň Büzmeýin etrabynyň jaý gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäginde Senagat köçesiniň ugrunda 15 sany dört gatly ýaşaýyş jaýlary ulanylyşa berildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň çarşenbe güni habar bermegine görä, her ýaşaýyş jaýy 32 öýden ybaratdyr.

Habarda bellenilişi ýaly, Büzmeýin etrabyndaky täze ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy toplumlaýyn alnyp barylýar. Şäherçäniň çäginde 600 sany okuwçy üçin umumy bilim berýän mekdep guruldy. Öýleriň arasyndaky giňişliklerde sport meýdançalary, stadionlar, çagalar üçin oýun meýdançalary we awtoulaglar üçin wagtlaýyn duralgalar gurulýar. Şeýle hem, jaý gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäginde 160 orunlyk çagalar bagy bina ediler.

Büzmeýin etrabyndaky täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy ikinji tapgyr bilen çäklenmeýär. Senagat köçesinde ýenede 30 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak bilen, ýaşaýyş toplumyny giňeldiler.

Aşgabadyň Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaýlar Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda gurulýar.

2022