Raisi: Eýran Azerbaýjana türkmen gaz alyş-çalşygyny artdyrmaga taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Raisi: Eýran Azerbaýjana türkmen gaz alyş-çalşygyny artdyrmaga taýýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň arasyndaky duşuşyk, 2022-nji ýylyň 29-njy iýuny, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Eýranyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Azerbaýjanyň soňky beren teklibine laýyklykda, Eýran Azerbaýjana türkmen tebigy gaz alyş-çalşygynyň möçberini artdyrmaga taýýar. Bu barada Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi çarşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda aýtdy.

Döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy altynjy Hazar sammitiniň çäklerinde geçirildi.

Raisi Eýran hökümetiniň goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmegi ileri tutýandygyny aýtdy. Bu barada Eýranyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

“Ýakynda gol çekilen hyzmatdaşlyk resminamalarynyň we Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky şertnamalaryň durmuşa geçirilmegi iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesini hasam ýokarlandyrar” diýip, Prezident Raisi sözüniň üstüne goşdy.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Raisiniň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi we Türkmenistanyň iki ýurduň arasynda baglaşylan özara düşünişmek Ähtnamasyny we şertnamalary doly durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň, Eýranyň we Azerbaýjanyň arasyndaky üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň  15-nji sammitiniň çäklerinde gol çekildi. Resminama laýyklykda, ýylda 1,5-2 milliard kubmetre çenli türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylmagy ylalaşyldy. Üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi.

Häzirki wagtda Türkmenistandan Eýrana alyş-çalşyk usuly arkaly tebigy gazyň Azerbaýjana eksportynyň ýokarlandyrylmagy we türkmen gazynyň alyş-çalşygynyň beýleki ýurtlara ýola goýulmagy boýunça gepleşikler alnyp barylýar.

2022