“Türkmennebit” bilen “Dragon Oil” önümi paýlaşmak boýunça şertnamanyň möhletini uzaltdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmennebit” bilen “Dragon Oil” önümi paýlaşmak boýunça şertnamanyň möhletini uzaltdy
Resminama “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow we “Dragon Oil” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan şertama gol çekdiler.

“Dragon Oil (Türkmenistan) LTD” kompaniýasy bilen “Türkmennebit” döwlet konserni penşenbe güni Aşgabatda Ylalaşygyň möhletini uzaltmak baradaky şertnama gol çekdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Twitter” sahypasynda habar berlişi ýaly, bu baradaky resminama “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow we “Dragon Oil” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan gol çekdiler. Türkmennebit” döwlet konserniniň edara binasynda geçirilen gol çekişlik dabarasyna BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al Hameli hem gatnaşdy.

Bu şertnama görä, degişli taraplaryň önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşygynyň möhleti ýene 10 ýyl, ýagny 2035-nji ýyla çenli uzaldylar. Ozalky önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşyk 25 ýyllyk möhlet bilen baglanşylyp, ol 2025-nji ýylyň maý aýynda tamamlanýar.

“Dragon Oil” Dubaý emirliginiň hökümetiniň doly eýeçiligindäki nebit we gaz gözleg, özleşdiriş we önümçilik kompaniýasydyr. Bu kompaniýa 1999-njy ýylda Türkmenistanyň hökümeti bilen önümleri bölüşmek baradaky baglaşylan şertnamanyň esasynda “Çeleken” şertnamalaýyn çäginde iş alyp barýar.

Kompaniýanyň iş alyp baran möhletiniň dowamynda Türkmenistana çeken maýa goýumlary 10 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.

2022