Türkmenistanyň Prezidentine türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň döredilmegi barada hasabat berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidentine türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň döredilmegi barada hasabat berildi
Bu ugurdaky işleri özbek tarapy bilen ylalaşmak maksady bilen, iki ýurduň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan işleriň Meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça işleriň Meýilnamasy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler hem-de düzümler bilen bilelikde işleriň alnyp barylýandygyny belläp, B.Atdaýew onuň işini halkara we sebit lomaý-bölek söwdasynyň häzirki zaman tejribelerine laýyklykda ýola goýmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky işleri özbek tarapy bilen ylalaşmak maksady bilen, iki ýurduň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan işleriň Meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Özbegistan bilen özara haryt dolanyşygynyň mukdarynyň depginli artdyrylmagynyň ileri tutulýan wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet Baştutanymyz sebitara gatnaşyklaryň höweslendirilmegine, Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhetýaka sebitleriniň arasynda yzygiderli söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, bilelikdäki bazarlaryň döredilmegine ünsi çekdi. Munuň özi ykdysady hyzmatdaşlyga täze itergi berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň hökümetleriniň arasyndaky türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň – söwda merkeziniň döredilmegi we onuň işini kadalaşdyrmak baradaky şertnama 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022