Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sişenbe güni Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) baş direktorynyň orunbasary Çjan Sýançeniň ýolbaşçylygyndaky BSG-nyň wekilýetiniň hem-de Türkmenistanyň BSG-na goşulmagynyň meselelerini öwrenmek boýunça döredilen Hökümet toparynyň arasynda “tegelek stol” geçirildi.
Şeýle hem, bu çärä ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň esasy maksadynyň BSG-a doly hukukly agzasy bolmakdan ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda Türkmenistanyň gurama bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmekde yzygider tagallalary dowam etdirjekdigi nygtaldy.
“Tegelek stoluň” barşynda Türkmenistanyň BSG-da “goşulýan ýurt” derejesine eýe bolmagy, ýurduň daşary söwdasynda ýagdaýynyň berkemegine, ynamly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde halkara abraýynyň ýokarlanmagyna, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine, şeýle hem BSG bilen Türkmenistanyň guramaçylykly hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine we bu ugurlar boýunça toplumlaýyn işleriň dowam etdirilmegine ýardam berjekdigi bellenildi.
Türkmenistanyň BSG-a girmek baradaky resmi arzasy 2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda kabul edildi. 2022-nji ýylyň fewralynda Türkmenistana BSG-a goşulýan ýurt (“işjeň synçy”) derejesi berildi.