“Guwlyduz” kärhanasynda 48,2 müň tonnadan gowrak duz öndürildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Guwlyduz” kärhanasynda 48,2 müň tonnadan gowrak duz öndürildi
Şu döwürde kärhanada alnan nahar duzunyň möçberi 15 müň tonnadan geçdi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenbaşy etrabyndaky “Guwlyduz” kärhanasynda şu ýylyň ilkinji alty aýynda 48 müň 200 tonnadan gowrak duz öndürildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň çarşenbe güni habar berşine görä, bellenilen meýilnama 102% ýerine ýetirildi.

Bellenilişi ýaly, kärhanada nahar duzundan başga-da tehniki duz hem öndürilýär. Bu ýerde taýýarlanylýan tehniki duzlar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda harytlyk görnüşine getirilýän nebit önümleriniň düzümini dünýä hil ülňülerine laýyk derejede arassalamakda giňden peýdalanylýar.

Şu döwürde kärhanada alnan nahar duzunyň möçberi 15 müň tonnadan geçdi.

Mundan başga-da, kärhananyň önümi dokma pudagynda taýýarlanylýan ýüplükleriň reňkleriniň solmazlygyny gazanmakda hem-de beýleki köp sanly ugurlarda ulanylýar.

“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli bolan “Guwlyduz” kärhanasy duz çykarmakda Merkezi Aziýa sebitinde birinji, dünýäde bolsa dördünji orny eýeleýär.

2022