Gaýtadan dikeldilýan energiýa çeşmelerine geçmek üçin zerur bolan şertler

Nurmyrat Mommaýew
Gaýtadan dikeldilýan energiýa çeşmelerine geçmek üçin zerur bolan şertler
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň dykyzlygy adaty energiýa çeşmelerinden has az bolanlygy sebäpli, şol bir mukdarda energiýa öndürmek üçin köp ýer gerek bolup durýar.

Dünýäde durnukly gurşawa we global ýylylyga bolan habarlylyk artýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň gazylyp alynýan adaty energiýa çeşmeleriniň ornuny tutjakdygy çaklanylýar. Birnäçe ýyllyk tehnologiki ösüşden, maýa goýumlaryndan we howa şertleriniň üýtgemegi boýunça borçnamalardan soň global energiýa sarp edilişiniň 85%-i henizem ýangyçdan gelýär. Bu görkeziji energiýa almak üçin henizem gazylyp alynýan ýangyçlara bolan talabyň bardygyny görkezýär. Gazylyp alynýan ýangyçlardan gaýtadan dikeldilýän energiýa geçmek diňe bir gymmat bolman, eýsem ykdysady özgerişleri hem talap edýär.

Gazylyp alynýan energiýa çeşmelerinden gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek üçin bir wagtyň özünde azyndan üç zat gereklidir:

  • arassalyk;
  • tygşytlylyk;
  • ygtybarlylyk.

Häzirki wagtda gaýtadan dikeldilýän energiýa şol bir wagtyň özünde bu iş şertine laýyk gelmeýär. Mysal üçin, gün we ýel energiýasy arassa bolsa-da, käbir ýurtlarda elýeterli bahadan alyp bolýar, emma howa şertlerine baglylykda ol howpsuz däldir. Ýel öwüsmese ýa-da howa bulutly bolsa, energiýa alynmaýar. Ýeriň özeninden alnan geotermiki energiýa gymmatdyr. Gidroenergetika önümçiligi diňe köp dagly we güýçli ýagyşly ýurtlarda bolýar.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň dykyzlygy adaty energiýa çeşmelerinden has az bolanlygy sebäpli, şol bir mukdarda energiýa öndürmek üçin köp ýer gerek bolup durýar. Meselem, Stambulyň energiýa talabyny kanagatlandyrmak üçin, Stambulyň tutýan meýdanyndan ýedi esse köp gün panelleri gerek bolup durýar.

Gazylyp alynýan ýangyçlardan gaýtadan dikeldilýän energiýa geçmek köp mukdarda ýerasty baýlyklaryň çykarylmagyny talap edýär. Elektrik ulagy adaty awtoulagdan alty esse köp (takmynan 100 kilo) mis talap edýär. Şeýle hem, bu ulagyň önümçiliginde litiý, nikel we kobalt ýaly 61 görnüşli metal ulanylýar.

Mundan başga-da, energiýa geçişi täze hyzmatdaşlyklary we bileleşikleri talap edýär. Başgaça aýdylanda, halkara hyzmatdaşlygy artdyrmak möhüm orun eýeleýär. Sebäbi gaýtadan dikeldilýän energiýa geçmek üçin zerur bolan mineral baýlyklar geografiki taýdan dürli sebitlerde jemlenendir.

Netijede, gazylyp alynýan ýangyçlara bolan talabyň birnäçe onýyllyklar boýunça dowam etmegine garaşylýar. Şeýle hem, häzirlikçe senagatda, deňiz we howa ulaglarynda gaýtadan dikeldilýän arassa energiýanyň ulanylmagy göz öňünde tutulmaýar. Bu bolsa global üpjünçilik zynjyrynda gazylyp alynýan ýangyçlaryň ähmiýetini görkezýär.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022