Türkmenabatda 1280 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumy açylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabatda 1280 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumy açylar
Täze toplum Garaşsyzlygyň 31 ýyllygy mynasybetli baýramçylygyň öňüsyrasynda açylyp, ulanylmaga beriler.

Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň  ugrunda gurluşygy alnyp barylýan täze ýaşaýyş jaý toplumy 1280 maşgala üçin niýetlenendir.

Täze toplumyň gurluşygyna 2019-njy ýylda başlanypdy we ol Garaşsyzlygyň 31 ýyllygy mynasybetli baýramçylygyň öňüsyrasynda açylyp, ulanylmaga beriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi. Täze toplum hersi 32 öýli dört gatly 40 sany ýaşaýyş jaýdan ybaratdyr.

“Lebapgurluşyk” önümçilik birleşigi, “Demirbetonkonstruksiýa” kärhanasy, “Demirbetonönümleri” kärhanasy, “Şähergurluşyk we hyzmat” hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanasy bu gurluşyklaryň potratçylarydyr. Toplumyň gurluşygyna “Zehinli ussa”, “Jöwher gala”, “Ýyndam gurluşyk”, “Dowamly nyşan”, “Asuda nesil”, “Saldamly goşant” we başgada birnäçe hususy kärhanalar gatnaşýarlar.

Ýaşaýyş jaýlardan başga-da, şäherde 100 sany kottejiň açylmagyna garaşylýar.

Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda geçen ýylyň oktýabr aýynda  17 sany 4 gatly we 70 sany 2 gatly kottej jaýlar toplumyndan ybarat bolan ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi. Onuň umumy meýdany 23 gektara barabardyr.

2022