“Turkish Airlines” kompaniýasy Aşgabada göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Turkish Airlines” kompaniýasy Aşgabada göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýar
Howa gatnawlary hepdäniň her güni amala aşyrylar.

Türkiýäniň “Turkish Airlines” awiakompaniýasy şu ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça göni howa gatnawlaryny amala aşyryp başlar.

Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, howa gatnawlary hepdäniň her güni amala aşyrylar we ýolagçylar petekleri onlaýn görnüşinde hem satyn alyp bilerler.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy hem 30-njy maýdan Aşgabat-Dubaý ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny amala aşyryp başlady.

Şeýle-de Türkmenistan bilen Gruziýa şu ýylyň iýul aýynda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak we ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak barada şertnama baglaşdy.

2022