Lebap welaýaty boýunça 58,7 million tonnadan gowrak ýük daşaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebap welaýaty boýunça 58,7 million tonnadan gowrak ýük daşaldy
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,1% ösüş depgini üpjün edildi.

Lebap welaýaty boýunça şu ýylyň geçen ýedi aýynda 58,7 million tonnadan gowrak ýük daşaldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişine görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,1% ösüş depgini üpjün edildi.

Mundan başga-da, şol döwürde gatnadylan ýolagçylaryň sany 93,5 million adama golaý boldy.

Şeýle-de “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň kärhanalarynyň hasabat döwründe ýük dolanyşygy 41,5 million tonna-kilometre, ýolagçy dolanyşygy bolsa 98,5 million ýolagçy-kilometre deň boldy. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depginleri degişlilikde 21,5%-e we 15,7%-e deň boldy.

Şeýle-de “Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (AGPJ) tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri ýük daşaýjy gämiler we suw üsti ponton geçelgesi arkaly 378 müň 100 tonna ýük daşaldy. Häzirki wagtda “Derýaýollary” AGPJ-sy tarapyndan Amyderýada Mukry – Türkmenabat ugry boýunça gurluşyk işleri üçin zerur bolan inert materiallaryny, Garagum derýasynda hem Topurkak – Zeýd ugry boýunça bugdaý daşamak işleri amala aşyrylýar.

2022