Azerbaýjan 293 million kubmetre golaý türkmen tebigy gazyny import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjan 293 million kubmetre golaý türkmen tebigy gazyny import etdi
2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjan jemi 358,94 million kubmetr tebigy gaz import etdi.

Azerbaýjan 2022-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistandan 292,85 million kubmetrden gowrak tebigy gaz import etdi. Bu barada Azerbaýjanyň hökümetine salgylanyp, “Interfax-Azerbaijan” agentligi penşenbe güni habar berdi. 

Degişli döwürde Azerbaýjana tebigy gazyň eksporty 31,88 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjan jemi 358,94 million kubmetr tebigy gaz import etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 33,5% ýokarydyr. Tebigy gazyň importy 34,39 million ABŞ dollaryndan gowrak bolup, bu görkeziji 2021-nji ýylyň birinji ýarymy bilen deňeşdirilende 3,4 esse artdy.

Umumy tebigy gazyň importynyň 81,6%-i Türkmenistanyň paýyna, galan bölegi bolsa Eýranyň paýyna düşdi. Eýran Azerbaýjana umumy bahasy 2,5 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan 66,91 million kubmetrden gowrak tebigy gaz iberdi.

2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Azerbaýjan diňe Eýrandan tebigy gaz import etdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Eýranyň bu ýurda eksporty 75,4% azaldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda gol çekilen üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama laýyklykda Azerbaýjana türkmen tebigy gazy import edilýär. Resminama laýyklykda, ýylda 1,5-2 milliard kubmetre çenli türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylmagy ylalaşyldy.

2022-nji ýylyň iýun aýynyň başynda Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow we Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji Bakuwda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdiler. Bu şertnama laýyklykda, türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylmagy iki esse artar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022