Türkmen telekeçisi süýji önümleriniň täze görnüşlerini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi süýji önümleriniň täze görnüşlerini ýola goýdy
Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 5 müň tonna süýji önümlerini öndürmäge niýetlenendir.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Begmyrat Işanowa degişli “Oguzhan” haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhanada ýakynda süýji önümleriniň täze “Çopantelpek” we “Taýçanak” atly görnüşleri öndürilip başlandy.   

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleradioýaýlymynyň halkara habarlar bölüminiň diktory Çary Çaryýewiň duşenbe güni “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda häzirki wagtda “Oguzhan” haryt nyşanly süýji önümleriniň 50-ä golaý görnüşiniň öndürilýändigini aýtdy.

Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 5 müň tonna süýji önümlerini öndürmäge niýetlenendir. Bu ýerde dürli atlar bilen süýji önümleriniň onlarça – “Garagum”, “Ýyldyz”, “Aýaz-baba”, “Ülje”, “Keýik”, “Maýa”, “Täç”, “Aýly agşam” milli atly görnüşleri öndürilýär.

Telekeçi Begmyrat Işanow mundan beýläk hem öndürýän süýji önümleriniň görnüşlerini has-da köpeltmegi, möçberlerini artdyrmagy, elýeterli bahalardan halka hödürlemegi we daşary ýurtlara eksport etmegi maksat edinýär.

“Oguzhan” haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhanasynyň döwrebap toplumy 2017-nji ýylda işe girizdi. Häzirki wagtda kärhanada her çalşykda 30-a golaý hünärmen zähmet çekýär.

2022