Türkmenbaşy bilen Astrahan portlarynyň arasynda parom hyzmatynyň ýola goýulmagyna garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşy bilen Astrahan portlarynyň arasynda parom hyzmatynyň ýola goýulmagyna garaşylýar
Duşuşygyň dowamynda Türkmenbaşy portunyň direktory Seýitguly Baýseýidow şertnamanyň ähli şertlerini we maýa goýumlaryny öwrenmegiň zerurdygyny belledi. (Surat: “GTRK Lotos”)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekiliýeti çarşenbe güni Russiýanyň Astrahan oblastynda Türkmenbaşy portundan bu oblasta awtoulag parom hyzmatlarynyň ýola goýulmagyny we Russiýanyň kenarýaka sebitinde Türkmenistanyň logistika merkezini döretmegi ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada “GTRK Lotos” habar teleýaýlymy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Astrahan oblasty bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýyllyk söwda dolanyşygy takmynan 200 million ABŞ dollaryna barabardyr. Taraplaryň hyzmatdaşlyk boýunça, şol sanda ýük üstaşyr ulgamynda uly mümkinçilikleri bar. Demirýol, gara ýol we howa ulaglarynda hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Türkmenistanyň Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesine goşulmagy we Olýa bilen Türkmenbaşy portlarynyň arasynda awtoulag parom ugrunyň döredilmegi Hazarýaka döwletleriň ýük dolanyşygyny artdyrar.

“Russiýa Federasiýasynyň Hazar kenarynda beýle ýöriteleşdirilen ammarlar ýok. Bu biziň goňşy ýurtlarymyz bilen yzygiderli işlejek ilkinji tejribämiz bolar. Türkmen tarapy bilen bu gatnaşyga gaty uly bil baglaýarys” diýip, Astrahanyň “Lotos” ýörite ykdysady zolagynyň baş müdiri Sergeý Miluşkin aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenbaşy portunyň direktory Seýitguly Baýseýidow şertnamanyň ähli şertlerini we maýa goýumlaryny öwrenmegiň zerurdygyny belledi. Türkmen kärhanalary esasanam kanuny we ykdysady şertleri içgin öwrenmäge gyzyklanma bildirerler diýip, Türkmenbaşy portunyň direktory nygtady.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow geçen hepde geçirilen brifingde Türkmenistanyň Russiýa,Eýran we Hindistan tarapyndan döredilen Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesine goşuljakdygyny aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022