IRU: “Lapis Lazuli” ulag geçelgesini ösdürmekde Türkmenistanyň ähmiýeti uludyr

Nurmyrat Mommaýew
IRU: “Lapis Lazuli” ulag geçelgesini ösdürmekde Türkmenistanyň ähmiýeti uludyr
Bu ulag geçelgesi Owganystany Türkmenistan, Azerbaýjan we Gruziýa arkaly Türkiýä birleşdirýän halkara üstaşyr ugurydyr.

Owganystan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe 2017-nji ýylda “Lapis Lazuli” ulag geçelgesini döretmek barada şertnama baglaşdy. 2018-nji ýylda açylan “Lapis Lazuli” ulag geçelgesi Owganystany Türkmenistan, Azerbaýjan we Gruziýa arkaly Türkiýä birleşdirýän halkara üstaşyr ugurydyr. “Lapis Lazuli” ady 2000 ýyl mundan ozal gadymy Ýüpek ýolunyň üsti bilen Owganystanyň lapis lazuli we beýleki gymmat bahaly daşlarynyň Kawkaza, Russiýa, şol sanda Balkan, Ýewropa we Demirgazyk Afrika ýurtlaryna iberilmeginden gelip çykýar.

Bu başlangyç Owganystanyň hökümetiniň infrastruktura, integrasiýa, energiýa, hususy pudak ulgamlaryny ösdürmek we ileri tutulýan Milli maksatnamalary güýçlendirmek üçin hyzmat eder. “Lapis Lazuli” ulag geçelgesi Aziýanyň ösüş banky tarapyndan maliýeleşdirilýär. Häzirki wagtda bu üstaşyr taslamanyň býujetiniň 2 milliard ABŞ dollaryna barabardygy çaklanylýar.

“Lapis Lazuli” ulag geçelgesiniň ugry

Geçelge Owganystanyň günbataryndaky Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherinden başlap, Türkmenistanyň Türkmenbaşy halkara deňiz portuna, ol ýerden Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine, ol ýerden bolsa Gruziýanyň Poti we Batumi portlaryna çenli dowam edýär. Geçelge ahyrynda Türkiýäniň Kars we Stambul şäherlerini Ýewropanyň girelgesinde birleşdirer.

Geçelgäniň maksatlary 

Owganystanyň Söwda-senagat edarasynyň (ACCI) habaryna görä, Günorta Aziýadan Ýewropa iberilýän harytlaryň 80%-i bu ugurda daşalar. Söwda päsgelçilikleriniň pes bolmagy, çykdajylaryň azalmagy, özara ylalaşyklar arkaly serhetýaka dolandyryş amallaryny kämilleşdirmek, söwda we üstaşyr geçelgeler boyunça sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek taslamanyň esasy maksatlarydyr.

Halkara ýol ulaglary bileleşiginiň habaryna görä, birnäçe halkara ulag geçelgesiniň hususan-da Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň serhedinden geçýän “Lapis Lazuli” geçelgesiniň üstünlikli ösmegi üçin Türkmenistanyň goldawy zerurdyr.

IRU Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalarynyň sebitara baglanyşygy, abadançylygy we ahyrky netijede parahatçylygy gazanmaga kömek etjekdigini belleýär.

Lapis Lazuli ulag geçelgesiniň doly özleşdirilmegi gara we demir ýol ýaly ulag infrastrukturalarynyň, şeýle hem bu ugurdaky amallaryň ep-esli gowulaşmagyna itergi berer. Halkara ýol ulaglary birleşigi bu ugruň Hazar sebitindäki ýurtlaryň eksportyny we ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaklaryna kömek etjekdigini belledi.

IRU Hazar sebitindäki bäş ýurda ulag resminamalaryny we düzgünlerini sanlaşdyrmak üçin has çalt hereket etmegi, ýükleriň serhetden geçmeginde ýüze çykyp biljek mezeleleriň çözmek üçin dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ulanmagy maslahat berýär. “Lapis Lazuli” ulag geçelgesiniň ösdürilmegi Türkmenistanyň sebitdäki söwda we üstaşyr merkezi hökmünde ähmiýetini güýçlendirer.

Türkmenistan 1996-njy ýylda Halkara ýol ulaglary (TIR) konwensiýasyna goşuldy.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022