“Derkar” hojalyk jemgyýeti Daşoguzda täze jaýlaryň gurluşygyny alyp barýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Derkar” hojalyk jemgyýeti  Daşoguzda täze jaýlaryň gurluşygyny alyp barýar
Jaýlaryň iň ulusynyň umumy meýdany 229 inedördül metrden gowrak, beýikligi bolsa üç metr 30 santimetrdir.

“Derkar” hojalyk jemgyýeti Daşoguz şäherinde 80 hojalyga niýetlenen dört gatly ýaşaýyş jaýyň birbada dördüsiniň gurluşygyny alyp barýar.

Biri-birine sepleşik täze binalar şäheriň merkezinde, S.Türkmenbaşy şaýolunyň Alp Arslan köçesi bilen kesişýän ýerinde ýerleşýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Häzirki wagtda ýaşaýyş jaýlaryň üçüsinde daşky we içki timarlaýyş işleri alnyp barylýar, dördünjisiniň bolsa diwarlary galdyrylýar. Olaryň iň ulusynyň umumy meýdany 229 inedördül metrden gowrak, beýikligi bolsa üç metr 30 santimetrdir.

Bellenilişi ýaly, ýaşaýyş jaýlaryň aşaky gaty söwda dükanlary üçin bölünip berler. Täze gurulyp ulanmaga beriljek ýaşaýyş jaýlary bu ýere golaý ýerleşen edara binalary we ýaşaýyş jaýlary bilen doly sepleşip gider.

Häzirki wagtda Daşoguz şäheriniň merkezi bölegindäki boş ýerlerde täze ýaşaýyş jaýlary ýa-da hususy söwda kärhanalary gurulýar. Häzir ýurdumyzyň demirgazygynda dürli häsiýetli gurluşyk işleriniň agramly bölegini hususy telekeçiler alyp barýarlar.

2022