Dünýä demir ýol ulgamynyň ýokarlanýan tendensiýasy

Nurmyrat Mommaýew
Dünýä demir ýol ulgamynyň ýokarlanýan tendensiýasy
Dünýä demir ýol ýük bazarynyň 2026-njy ýyla çenli ýylda 4,3% ösüp, 205,3 milliard ABŞ dollaryna barabar bolmagyna garaşylýar.

Demir ýol arkaly ýük daşamalary içerki we daşarky harytlaryň päsgelçiliksiz hem-de netijeli daşalmagyny üpjün edýändigi sebäpli ýurtlaryň ykdsadyýetlerinde möhüm orun tutýar. Daşalýan ýük mukdarlarynyň köpelmegi infrastrukturanyň ösüşi we bu ugurda kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde demir ýol ulgamy ösüşini dowam edýär.

Bazaryň ösüşi innowasion tehnologiýalar hem-de dünýä ýurtlarynyň zyňyndylaryny azaltmak üçin demir ýol arkaly daşalýan ýükleriň mukdarlaryny artdyrmak boýunça edilýän tagallalary bilen ugurdaşlykda dowam edýär. Köp ýurtlarda ýükleriň ýarysyndan gowragy awtoulaglar arkaly daşalsa-da, ulag çykdajylarynyň we zyňyndylaryň mukdarnyň ýokarlanmagy döwletleriň demir ýol ýük ulaglaryny ileri tutmaklaryna itergi berýär.

Ýewropa bilen Hytaýyň arasynda demir ýol arkaly daşalýan ýükleriň artmagy global demir ýol ýük bazaryna hem oňyn täsirini ýetirýär. Hytaýyň 59-a golaý şäheri Ýewropanyň 49-a golaý şäheri bilen demir ýol arkaly birigýär. Täze tehnologiýalaryň ulanylmagy, infrastrukturanyň ösüşi we şuňa meňzeş beýleki faktorlar demir ýol ulgamynyň ösmeginiň esasy sebäpleriniň biridir.

“Global Industry Analysts, Inc” tarapyndan neşir edilen “Demir ýol ýük ulaglary - global bazar hereketleri we seljermeler” atly hasabata görä, 2022-nji ýylda 169,8 milliard ABŞ dollary diýlip çaklanylýan dünýä demir ýol ýük bazarynyň 2026-njy ýyla çenli ýylda 4,3% ösüp, 205,3 milliard ABŞ dollaryna barabar bolmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin demir ýol ulaglarynyň ähmiýeti has-da artýar.

Soňky ýyllarda Merkezi Aziýada demir ýol arkaly daşalýan ýükleriň mukdary ýokarlanyp, demir ýol ýük daşamalaryna bolan gyzyklanma ýylsaýyn artýar. Aziýanyň Ösüş bankynyň bilermeni Zulfiýa Karimowanyň bellemegine görä, Merkezi Aziýadan geçýän ýyllyk konteýner otlylarynyň sany 2011-nji ýylda 17 bolan bolsa, 2021-nji ýylda olaryň sany 15 müňden hem geçdi. Bu netijeler ýük daşamalar ulgamynda alnyp barylýan syýasatlar, sebit hyzmatdaşlygy we demir ýol ulgamyndaky reformalar arkaly gazanyldy. Sebitiň demir ýol ulgamy Hytaý Halk Respublikasy bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda akymlaryny ýeňilleşdirdi, şol bir wagtyň özünde ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklara we serhetýaka hyzmatdaşlygyna goşant goşdy.

Demir ýol ulgamynyň ýokarlanan tendensiýasy ýakyn onýyllyklarda ýükleriň daşalmagyna bolan islegiň, ýangyç çykdajylarynyň ýokarlanmagy we zyňyndylaryň azaldylmagy bilen baglylykda, üpjün edijiler hem-de ahyrky sarp edijiler üçin has möhüm meselä öwrülip biler.

Geljekde bu ulgamdaky kadalaşdyryjy çäreler Merkezi Aziýanyň demir ýollary üçin täjirçilik hereketini öňe sürmegi, maliýe durnuklylygy üçin berk binýady döretmegi, ygtybarlylygy we hyzmatyň netijeligini ýokarlandyrmagy hem-de demir ýol ulgamynyň söwda goldawyny ýokarlandyrmak üçin gatnaşyklary has-da berkitmegi öz içine alýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022