Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da ilerledilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugaty habar berdi.
Duşuşyk Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitiniň çäginde geçirildi.
Iki ýurduň Döwlet Baştutanlary däp bolan özbek-türkmen gatnaşyklarynyň we strategiki hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä ýetendigini hem-de amaly mazmun bilen doldurylandygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ýylyň başyndan bäri iki ýurdyň arasyndaky söwda dolanşygynyň 10% ýokarlanandygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli ösmegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem, taraplar logistika, senagat, suw dolanşygy we oba hojalygy ugurlardaky taslamalaryň durmuşa geçirilişini we medeni hem-de ynsanperwer alyş-çalyş gatnaşyklarynyň täze sepgitlere çykarylmaganyň mümkinçiliklerine garadylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar.