Türkmenistan bilen Hytaýyň Liderleri birek-biregi sapara çagyrdylar

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistan bilen Hytaýyň Liderleri birek-biregi sapara çagyrdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) Başlygy Si Szinpiniň duşuşygy, 15-nji sentýabr, 2022-nji ýyl, Samarkand, Özbegistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) Başlygy Si Szinpin birek-biregi sapara çagyrdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Duşuşyk Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitiniň çäginde geçirildi.

Şeýle hem, Si Szinpin Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygy boýunça türkmen tarapynyň tekliplerini goldady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz gezeginde, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygy boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmek maksady bilen, gaz hyzmatdaşlygy boýunça döredilen bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

HHR-iň Başlygy çakylygy kabul edip, öz nobatynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy özleri üçin islendik amatly wagtda Hytaýa sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Duşuşygyň dowamynda HHR-iň Başlygy Si Szinpin iki ýurduň tebigy gaz hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.

2022