Hytaýyň Lideri Türkmenistan bilen tebigy gaz hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň zerurulygyny belledi

BUSINESS TURKMENISTAN
Hytaýyň Lideri Türkmenistan bilen tebigy gaz hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň zerurulygyny belledi
Duşuşyk Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitiniň çäginde geçirildi. (Surat: Xinhua)

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin penşenbe güni Özbegistanyň Samarkand şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň tebigy gaz hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle-de Hytaý birek-biregi berk goldamagy, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegi dowam eder diýip belledi. Duşuşyk Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitiniň çäginde geçirildi.

Hytaý bilen Türkmenistan arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl bolup, ýyllaryň dowamynda ýurtlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdi we strategiki hyzmatdaşlygy ýokary derejä ýetdi, diýip Hytaýyň Başlygy Si Szinpin sözüniň üstüni ýetirdi. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi metbugaty habar berdi.

Hytaýyň başlygy, çig mal däl pudaklarynda hem hyzmatdaşlygyň tizleşdirilmeginiň zerurdygyny we “Bir guşak – bir ýol” (BRI) başlangyjyny Türkmenistanyň Beýik Ýüpek Ýoluny dikeltmek strategiýasy bilen birleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyga uly baha berýändigini, şeýle hem ykdysadyýet, söwda, tebigy gaz, ulag, ynsanperwer we medeni ugurlar boýunça gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan “Bitewi Hytaý” syýasatyny berk goldaýar diýip, türkmen tarapynyň Hytaýyň “Bir guşak – bir ýol” başlangyjy bilen Türkmenistanyň Beýik Ýüpek Ýoluny dikeltmek strategiýasynyň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmäge we Hytaý bilen ýakyn işleşmäge köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.

2022