Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen “Dragon Oil” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwanyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2022-nji ýylyň 25-nji sentyabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni “Bouygues” kompaniýalar toparynyň Baş direktory, “VINCI Construction Grands Projets” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy, “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy we “Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklaryň dowamynda Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dürli pudaklarda ýöriteleşen öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açykdygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Bouygues” kompaniýalar toparynyň Baş direktory bilen duşuşyk

“Bouygues” kompaniýalar toparynyň Baş direktory Marten Buig bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti “Bouygues” kompaniýasynyň durmuşa geçiren taslamalaryny ýokary hilli, üstüne alan borçnamalaryny öz wagtynda hem-de jogapkärçilikli ýerine ýetirýändigini aýtdy.

Marten Buig öz gezeginde, “Bouygues” kompaniýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bu kompaniýa Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri ýurdumyzda işläp gelýär.

“VINCI Construction Grands Projets” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “VINCI Construction Grands Projets” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Patrik Kadri bilen söhbetdeşliginiň dowamynda işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Patrik Kadriniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uzak möhletleýin esasda işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň fransuz hünärmenleri — binagärler hem-de taslamaçylar bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny, arasynda “VINCI” kompaniýasy hem bolan öňdebaryjy gurluşyk kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini maksat edinýändigini belläp, türkmen tarapynyň geljegi uly täze taslamalar boýunça anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny aýtdy.

“Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

Döwlet Baştutanymyz we “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Žil Reminiň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giňişleýin maksatnamalary boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Žil Remi “Cifal” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirilmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtap, şol sanda ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk borçnamalaryny pugta berjaý etjekdigine ynandyrdy.

“Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we “Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwanyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini hem-de Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ägirt uly meýilnamalaryny göz öňünde tutup, uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Dünýä bazarlarynda energiýa serişdelerine isleginiň barha artýandygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny nygtady hem-de türkmen tarapyň mundan beýläk-de kompaniýanyň hyzmatdaşlyk baradaky tekliplerine seretmäge taýýardygyny belledi.

“Dragon Oil” 1999-njy ýylda Türkmenistanyň hökümeti bilen önümleri bölüşmek baradaky baglaşylan şertnamanyň esasynda “Çeleken” şertnamalaýyn çäginde iş alyp barýar. Kompaniýa 2000-nji ýylda Türkmenistanda işe başlady. Nebit kompaniýasy “Türkmennebit” döwlet konserni bilen önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşygynyň möhletini 2035-nji ýyla çenli uzaltdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022